| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 06.08.2026, 11:59 11

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlygy we onuň geçirilşini «Turkic World» halkara habarlar internet-portaly giňden beýan eder

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlygy we onuň geçirilşini «Turkic World» halkara habarlar internet-portaly giňden beýan eder
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde «Turkic World» halkara habarlar internet-portaly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleriniň hem-de onuň geçirilişini ulgamlaýyn esasynda maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar.

Ýörite bölümiň döredilmegi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk we onuň geçirilişini hemmetaraplaýyn beýan etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty barada halkara jemgyýetçiligine giňişleýin maglumat ýetirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk we onuň geçirilişi bilen baglanyşykly neşirler «Turkic World» halkara habarlar internet-portalynyň şu salgysynda elýeterli bolan ýörite mowzuklaýyn bölüminde ýerleşdiriler: https://turkic.world/t

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!