| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 05.08.2026, 18:54 8

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlup bilner

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlary ýola goýlup bilner
Фото: https://japan.tmembassy.gov.tm/

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow duşenbe güni Ýaponiýanyň Syýahatçylyk Agentlikleriniň Assosiasiýasynyň täze saýlanan başlygy Ýuji Hara bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle hem syýahatçylyk pudagynda döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler.

Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!