| Ashgabat | 28°C
Tehnologiýalar 04.08.2026, 11:03 8

“Nokia” kompaniýasy AI funksiýalary özünde jemleýän 4G düwmeli telefonyny çykarar

“Nokia” kompaniýasy AI funksiýalary özünde jemleýän 4G düwmeli telefonyny çykarar

Täze Nokia 250 4G düwmeli telefony barada maglumatlar peýda boldy.

Bu täze smartfon özünde emeli aň mümkinçiliklerini goşup, birnäçe döwrebap funksiýalary alar.

Maglumatlara görä, telefon 2,8 dýuýmlyk displeý, Unisoc T137 prosessory, 256 MB operatiw ýat we 2 GB içerki ýat bilen üpjün ediler.

Smartfonuň ýene bir aýratynlygy, onuň iki sany kamerasy bolar: 2 MP esasy kamera we 0,3 MP öň kamera. Iki kameranyň hem ýagtylyk beriji çyrasynyň boljakdygy habar berilýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!