| Ashgabat | 28°C
Syýasat 04.08.2026, 14:27 8

Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabatda geçirilen maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Yslamabatda geçirilen maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy
Фото: https://mfa.gov.tm/

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliýeti Yslamabat şäherinde geçirilen sanly geçelge boýunça maslahat beriş duşuşygyna gatnaşdy.

Maslahat beriş duşuşygyna Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar boýunça federal ministri Şaza Fatima Hawaja, Aziýa Ösüş Bankynyň Pakistandaky wekilhanasynyň direktory Emma Fan, şeýle hem Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna agza dokuz ýurduň döwlet edaralarynyň, aragatnaşyk operatorlarynyň, düzgünleşdiriji edaralaryň, halkara guramalarynyň, ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň we tehniki bilermenleriň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.Türkmenistanyň wekilleri foruma gatnaşyjylary ýurtda telekommunikasiýa düzümini döwrebaplaşdyrmak, sanly döwlet hyzmatlaryny ösdürmek we häzirki zaman sanly çözgütleri, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrdylar.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!