| Ashgabat | 28°C
Dünýaden 05.08.2026, 13:31 6

Türkmenistanyň wekiliýet topary Niderlandlaryň «Peelbergen» atçylyk merkezinde boldy

Türkmenistanyň wekiliýet topary Niderlandlaryň «Peelbergen» atçylyk merkezinde boldy
Фото: https://awtoulag.gov.tm/

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Niderlandlar Patyşalygyna iş saparynda boldy.

Saparyň çäginde Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» atçylyk merkezine bardy. Saparyň maksady bu ýerde geçiriljek halkara çärä görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmakdan ybarat boldy.

Taraplar çäräniň maksatnamasyny taýýarlamak, gatnaşyjylary we myhmanlary ýerleşdirmek, şeýle hem sport, medeni çäreleri we sergileri ýokary derejede guramak bilen bagly degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti açyk we ýapyk sport desgalarynyň hem-de türgenleşik meýdançalarynyň ýagdaýy bilen jikme-jik tanyşdy.

Duşuşykda «Peelbergen» merkezinde degişli hünärmenleri taýýarlamak, tejribe alyşmak we özara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem wekiliýet milli önüm öndürijileriň türkmen harytlarynyň sergisi üçin niýetlenen ýerleri gözden geçirdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!