Türkmen-italýan gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ugo Çarlatanini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçiler türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyp, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle-de, taraplar Yslamabatdaky diplomatik korpusyň işi, şol sanda diplomatik wekilhanalaryň özara gatnaşyklary hem-de Pakistanyň döwlet edaralary we işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!