Abdylla Babaýewiň awgust aýynyň ahyrynda tutluşygy geçiriler
Garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça türkmen türgeni Abdylla Babaýew awgust aýynyň ahyrynda geçiriljek nobatdaky tutluşygyna taýýarlyk görýär.
Tutuluşyk «Fight Nights» guramasy tarapyndan geçiriler.
Abdylla Babaýew söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady bolup, Dünýä kubogynyň üç gezek eýesi, pankration boýunça dünýäniň we Aziýanyň çempionydyr.
Ol «Fight Nights Global» guramasy bilen 2024-nji ýylyň başynda şertnama baglaşdy.
Häzirki wagtda türgeniň ussatlar ýaryşlaryndaky görkezijisi 5 ýeňişden we 1 ýeňlişden ybarat.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!