Aleksandr Gro ahalteke bedewlerini gorap saklamakda ýurdumyzyň alyp barylýan işlerine ýokary baha berdi
Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda Ilçi M.Çaryýew Fransiýanyň Atçylyk federasiýasynyň milli tehniki bilermeni Aleksandr Gro bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda atçylyk pudagynda hünärmenleri taýýarlamak hem-de bu ugurda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, taraplar şu ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek Bütindünýä atçylyk çempionatyna hem-de Halkara ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Aleksandr Gro Türkmenistan tarapyndan ahalteke bedewlerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleri ýokary bahalandyrdy we ýurdumyzyň milli atçylyk mirasyny halkara derejede mundan beýläk-de ilerletmäge goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!