«Garaşsyzlygyň merjen däneleri»: döwlet tapgyry guramaçylykly geçiriler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Mämmedow zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bäsleşigiň tapgyrlarynda tapawutlanan aýdymçy çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 14-si döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!