Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Indoneziýa Respublikasynda iş saparynda bolýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Indoneziýa Respublikasyna iş sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Indoneziýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Muhammad Anis Mattanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa döwletleri assosiasiýasy (ASEAN) bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Assosiasiýa bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi hem-de «Merkezi Aziýa + ASEAN» dialog görnüşini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýeti bellenildi.
Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!