Ýylyň iň yssy howa derejesi hasaba alyndy
«MIR 24» internet saýtynyň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň iň yssy howa derejesi hasaba alyndy.
Eýranyň Dehloran diýen ýerinde howa görkezijisi Selsiý boýunça 52,1 gradus boldy. Bu şu ýylyň başyndan bäri dünýäniň ähli ýerinde hasaba alnan iň ýokary howa derejesidir.
Alymlar şu ýylyň iýul aýynda dünýäniň köp sebitlerinde görülmedik yssy howanyň boljakdygyny çaklapdylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!