Soňky alty aýda türkmen türgenlerinden 415 medal
Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 415 medal gazandylar.
Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip, diňe iýun aýynda 114 medal gazanmagy başardylar.
Şeýlelikde, şu ýylyň ilkinji alty aýynda milli ýygyndy toparyň medallar gaznasy 415 medala ýetirildi.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 10-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!