Soňky alty aýda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi
2026-njy ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi.
Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň 10-njy iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!