Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlar Aşgabatda işe kabul ediler
Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasyna (CNPC) degişli «Çuançin buraw inženerçilik» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň Türkmenistandaky şahamçasy 2025–2026-njy ýyllarda Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlary kompaniýanyň önümçilik desgalarynda işlemek üçin işe kabul edýär.
Dalaşgärlerden nebit-gaz işi, himiýa, energetika we geologiýa ugurlary boýunça ýokary biliminiň bolmagy, şeýle hem hytaý, türkmen we rus dillerini kämil derejede bilmek talap edilýär. Iňlis dilini bilmek goşmaça artykmaçlyk hasaplanýar.
Diňe görkezilen talaplara laýyk gelýän dalaşgärleriň resminamalary serediler.
Terjimehallar bildiriş çap edilen gününden başlap 30 günüň dowamynda Word görnüşinde şu aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär.
Terjimehallar batyr141164@gmail.com elektron salgysyna iberilip bilner.
Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, «B» binasy, 4-nji gat, işgärler bölümi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!