| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 24.07.2026, 12:17 91

Özbegistana gitjekleriň dykgatyna!

Özbegistana gitjekleriň dykgatyna!

Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 1-nji awgustdan başlap wiza almak üçin resminamalary tabşyrmak maksady bilen elektron ýazylyşyk ulgamyny synag tertibinde işleder.

Bu täze ulgam raýatlara internet arkaly kabulhana ýazylmaga we nobata durmazdan, bellenen wagtda gelmäge mümkinçilik berer. Şeýlelik-de resminamalary tabşyrmagyň ozalky adaty tertibi hem saklanar. Ilçihana wagtyny tygşytlamak isleýänler üçin elektron ýazylyşyk ulgamyny işleder.

Ilkinji döwürde guramaçylyk kynçylyklarynyň ýüze çykmagy mümkindir we raýatlaryň soraglary ulgamyň işledigiçe takyklanar. Ilçihana munuň resminamalary kabul etmekdäki garaşmagyň wagtyny iň pes derejä ýetirjekdigine ynam bildirýärler.

Bu barada Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow mälim etdi.

Anketany Özbegistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi internet saýtyndan https://visa.mfa.uz/ dolduryp bilersiňiz!

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!