| Ashgabat | 28°C
Syýasat 25.07.2026, 17:35 24

Türkmenistanda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar

Türkmenistanda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar

Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa 24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde adam hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitleri goramak, gozgalmaýan emläge bolan hukuklary döwlet belligine almak, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!