Türkmenistanda 50 sany saglyk öýi gurlar
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň hersinde 10 sany, jemi 50 sany saglyk öýüni gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde 19-njy awgusta çenli kabul ediler hem-de resmileşdiriler. Habarlaşmak üçin şu aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
44-46-77
44-46-64
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!