| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 24.07.2026, 16:09 54

Tejen etrabynda adalat edaralarynyň binasy gurlar

Tejen etrabynda adalat edaralarynyň binasy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda döwrebap adalat edaralarynyň binasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri ministrligiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar we teklipler 2-nji sentýabra çenli kabul edilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň 24-nji iýul sanynda habar berilýär.

Has giňişleýin maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz! 44-46-77, 44-46-64

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!