Türkmen wekiliýeti bilen Ženewadaky BSG-niň baş edarasynda duşuşyk geçirildi
27-nji iýulda Ženewadaky BSG-niň baş edarasynda türkmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga BSG-nyň Baş direktorynyň orunbasary Çžan Sýançen hem-de Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmak departamentiniň direktory Maika Oşikawa gatnaşdy.
Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ony mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge we Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!