Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň senatory bilen duşuşyk geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatory Stiw Deýns bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar taraplar özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň netijeli guraly hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine hem aýratyn üns berildi. Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem söwda, maýa goýumlar, ulag we logistika ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde «Türkmenistan – ABŞ» Işewürler geňeşiniň möhüm orny nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyldy. Taraplar konstruktiw dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!