| Ashgabat | 28°C
Syýasat 20.07.2026, 18:48 56

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgadyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgadyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

20-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan bilen duşuşdy.

Ministr Sýaoszýun Wany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Aýratyn üns durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine gönükdirildi.

Taraplar Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryna we durnukly ösüş boýunça ählumumy wezipelere laýyk gelýän täze bilelikdäki başlangyçlary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň BMG-niň çäklerindäki halkara başlangyçlaryny öňe sürmegiň, şeýle hem Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!