| Ashgabat | 28°C
Syýasat 14.07.2026, 21:50 39

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygy boldy

14-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň duşuşygy boldy.

Onuň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda bellenilişi ýaly, Özbegistan Respublikasynda halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýär.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellenildi.

Ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berýär.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!