| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 18.07.2026, 15:37 31

Lebap welaýatynda toý sadakasy berildi

Lebap welaýatynda toý sadakasy berildi

Lebap welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilen Arkadag şäherinde bina edilýän, 30 müň adama niýetlenen nurana metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu ugurdaky bellenen meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilmegi mynasybetli toý sadakasy berildi.

Sadakanyň dowamynda tebärek çykylyp, oňa gatnaşyjylar tarapyndan tagam dadylandan soňra, aýat-töwir okaldy, Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!