Hytaýda döwlet gullukçylary üçin ýöriteleşdirilen seminar geçirilýär
Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň döwlet gullukçylary üçin ýöriteleşdirilen seminar dowam edýär.
Iki hepdelik okuw maksatnamasynyň esasy temasy — Bütindünýä söwda guramasynyň iş mehanizmleri we dünýä ykdysadyýetine integrasiýa meseleleridir.
Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtyndaky nazaryýet okuwlaryndan başga-da, türkmen wekiliýeti Futszýan welaýatyna okuw-ekspedisiýasyna ugrar.
Ol ýerde iri ykdysady merkezler — Fusin we Fuçžou şäherleri bilen tanyşýarlar.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!