| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 14.07.2026, 09:18 35

Arkadag şäherinde maslahat geçirildi

Arkadag şäherinde maslahat geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen döredilen Arkadag şäherinde maslahat geçirildi.

Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçiren giňişleýin mejlisinde kesgitlän wezipelerine ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Arkadag şäherinde geçirilen maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň sebitleri we Aşgabat şäheri bilen bir hatarda täze şäheriň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň ugurlaryna garaldy.

Bellenilişi ýaly, ilaty arassa agyz suwy, elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek, arassaçylyk we abatlaýyş işlerini öz wagtynda hem-de talabalaýyk geçirmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.

Olaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi şäheriň ösüşiniň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagynda ähmiýetlidir.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!