Gaagada Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ahalteke atlarynyň ilkinji dünýä çempionaty geçiriler
Bu barda Gaagada Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Niderlandlaryň Daşary işler ministriniň orunbasary, Syýasy meseleler boýunça baş direktory Ýost Flamandyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda aýdyldy.
Gepleşikleriň baş temasy 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda Limburg welaýatynyň «Peelbergen» atçylyk-sport toplumynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport bäsleşigine we gözellik boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek boldy.
Garaşylýan ýaryş Türkmenistanyň daşynda ahalteke atalary üçin geçiriljek şeýle giň gerimli ilkinji halkara ýaryşy bolar.
Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň internet saýtynda habar berilýär.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!