Daşoguzda dynç alyş seýilgähiniň durky täzelener
Daşoguz welaýat häkimligi welaýat merkeziniň Görogly köçesinde ýerleşýän suw çüwdürimli we heýkeller toplumy bolan dynç alyş seýilgähini düýpli abatlamak üçin zerur enjamlary we önümleri satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi.
Bäsleşik 2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda sagat 10:00-da geçiriler. Gatnaşmaga isleg bildirilýänleriň esminamalary 18-nji awgustda sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
Bäsleşigiň şertleri, önümleri, işleri we hyzmatlary üpjün etmek boýunça talap edilýän möçberler baradaky maglumatlary Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, j. 156 salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bäsleşik toparyna ýüz tutup, alyp bolýar.
Goşmaça maglumatlar üçin aşakdaky telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!
39-46-39
39-46-38
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!