| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 31.07.2026, 14:14 20

Balkan welaýatynda «Tatar gyzy» halkara bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Balkan welaýatynda «Tatar gyzy» halkara bäsleşigini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistana iş saparynyň çäginde Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi.

Ol ýerde «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny geçirmek üçin niýetlenilýän desgalar bilen tanyşdy, bu ýerde zerur bolan konsert, jemgyýetçilik meýdançalaryny, şeýle-de degişli infrastrukturany gözden geçirdi.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşigiň jemleýji tapgyry şu ýylyň okýabr aýynda Türkmenistanda geçiriler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!