Awgust aýynda doly Günüň tutulmagy bolup geçer
12-nji awgustda doly Günüň tutulmagy, täze Aýyň dogmagy we Perseid meteor akymynyň iň ýokary işjeňligi, takmynan, bir wagtda bolar.
Şol gün Aý Ýer bilen Günüň arasyndan geçer we dünýäniň käbir sebitlerinde Gün diskini dolulygyna ýapar.
12-nji awgustdan 13-nji awgusta geçilýän gije bolsa ýylyň iň ýagty ýyldyz süýnmeleriniň biri bolan Perseid meteor akymynyň iň ýokary nokady gelip ýeter.
Awgust aýynyň ahyrynda, ýagny 27-nji awgustdan 28-nji awgusta geçilýän gije bolsa, bölekleýin Aýyň tutulmagy bolar.
Ol dünýäniň köp sebitlerinde görner.
Hadysanyň käbir tapgyrlary Günüň dogmagy we Aýyň ýaşmagy bilen gabat gelip biler, bu bolsa onuň aýdyň görünmegine täsir eder.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!