| Ashgabat | 28°C
Syýasat 29.07.2026, 15:18 32

Aşgabatda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi

Aşgabatda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi.

Forumyň dowamynda iki ýurduň döwlet edaralarynyň we işewürler toparlarynyň wekilleri senagat kooperasiýasyny giňeltmek, özara söwdany artdyrmak hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdy.

Çärä 40-den gowrak kompaniýa gatnaşdy.

Onuň dowamynda Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow forumyň guramaçylygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we gatnaşyjylaryň wekilçiliginiň ýokary derejesini belledi.

Diplomat iki ýurtda hem amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak maksatnamalaryny nazara alyp, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biridigini nygtady.

Şeýle hem ol türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadaga ikitaraplaýyn ykdysady aragatnaşyklary ösdürmäge berýän goldawlary hem-de iki ýurduň telekeçileriniň işlemegi üçin döredip berýän amatly şertleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!