1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy
Ýurdumyzyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Galla oragy möwsüminde tohumy saýlap almakdan başlap, hasyly ýygnamak işlerine çenli bugdaý önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde “John Deere”, “СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanyldy. Ýokary öndürijilikli tehnikalar ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berdi. Şeýlelikde, gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan zähmet ýeňşi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!