Türkmenistanly telekeçileri “BUDEXPO-2026” halkara gurluşyk sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen telekeçileri şu ýylyň 16-18-nji sentýabry aralygynda Belarussiýanyň Minsk şäherindäki halkara sergi merkezinde geçiriljek “BUDEXPO-2026” sergisine çagyrylýar.
Sergide gurluşyk we bezeg materiallary, enjamlar, gurallar, häzirki zaman tehnologiýalary hem-de gurluşyk pudagynyň dürli ugurlary boýunça täze işläp taýýarlamalar hödürlener.
Serginiň esasy ugurlarynyň hatarynda arhitektura, gozgalmaýan emläk, dizaýn, taslama işleri, ýaşaýyş jaý gurluşygy, abadanlaşdyryş, gurluşyk materiallary, gapylar we penjireler, pol örtükleri, keramika, santehnika, ýörite enjamlar, gurluşyk tehnikalary hem-de “akylly öý” ulgamlary bar.“BUDEXPO-2026-nyň” çäklerinde pudagyň ösüş ugurlaryna, täze tehnologiýalara, innowasiýalara we sanly çözgütlere bagyşlanan işewürlik maksatnamasy hem geçiriler.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!