| Ashgabat | 28°C
Syýasat 17.07.2026, 14:06 49

Türkmen wekiliýeti Brýusselde geçirilen ýokary derejeli mejlise gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Brýusselde geçirilen ýokary derejeli mejlise gatnaşdy

Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sebit we halkara howpsuzlygynyň derwaýys meselelerini, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini, şeýle hem durnuklylygy pugtalandyrmak, howpsuzlygy üpjün etmek, serhetleri dolandyrmak, häzirki zaman howplaryna we wehimlerine garşy göreşmek, özara baglanyşygy ösdürmek hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisde çykyş etmek bilen Ahmet Gurbanow Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» hyzmatdaşlyk formatyna sebit döwletleri bilen Ýewropa Bileleşiginiň kuwwatyny durnukly ösüşiň bähbidine birleşdirmäge, özara baglanyşygy giňeltmäge we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli mehanizm hökmünde uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Şeýle-de Türkmenistanyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge, şol sanda syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň duşuşyklaryny, şeýle hem sebit döwletleriniň howpsuzlyk ulgamyndaky mümkinçiliklerini berkitmäge gönükdirilen ÝB-niň amaly maksatnamalaryny goldaýandygy tassyklandy.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!