| Ashgabat | 28°C
Syýasat 21.07.2026, 15:02 57

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Söhbetdeşlikde iki ýurduň ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar bilelikdäki bilim we medeniýet taslamalaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Taraplar 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli köptaraplaýyn çäreler boýunça öňde boljak duşuşyklar baradaky meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!