| Ashgabat | 28°C
Syýasat 16.07.2026, 17:50 40

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Palestina Döwletiniň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

16-njy iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçisi Rana Abu Hijleh bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge we iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berdiler.

Palestina tarapy Palestina Döwletinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy çäreler, hususan-da, 2026-njy ýylda parlament saýlawlarynyň we 2027-nji ýylda prezident saýlawlarynyň geçirilmegi barada maglumat berdi.

Söhbetdeşler bilelikdäki medeni-ynsanperwer çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýty habar berdi.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!