Türkmen-gruzin wekiliýetleriniň duşuşygy geçirildi
Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy Lewan Žoržoliani, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň çäklerinde Gruziýa saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy.
Duşuşykda syýasy we ykdysady gatnaşyklar ýaly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine üns berildi.
Gruzin tarapy Tükrmenistanyň wekiliýetiniň beýleki agzalary bilen hem duşuşyklar geçirdi.
Bu barada Gruziýanyň Hökümet administrasiýasy habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!