Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
27-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiň duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde hem-de, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň ornunyň we ähmiýetiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy babatda pikir alyşdylar.
Bu barada Türkmenistanyň Daşara işler ministrliginiň internet saýty habar berýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!