Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýew bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda ynsanperwer gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmaga aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Tatar gyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly guramaçylyk meselelerine seredildi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!