Türkmen-koreý parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Çýo Hýon Dunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda öňe süren teklibi esasynda döredilen «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» parlamentara forumynyň sebit ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki möhüm ähmiýetine üns çekildi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, ynanyşmagy we dialogy berkitmek maksady bilen, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjynyň umumadamzat ähmiýeti nygtaldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!