Türkmenistanyň Gruziýadaky medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy
Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.
Dabaranyň çäklerinde geçirilen çärede iki ýurduň muzeý işgärleri özara tejribe alyşdylar hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklaryň ýokary derejede durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ilerlemegine giň ýol açýandygy barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ykrar edilendir. Bu ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar iki ýurduň we halklaryň has-da ýakynlaşmagyna hem-de birek-biregiň däp-dessurlary, hojalyk gatnaşyklary bilen tanyşmaklaryna oňyn täsirini ýetirýär.
Aýratyn-da, Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleriniň ýapylyşy mynasybetli guralan konsert şatlyk-şowhuna baý boldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!