| Ashgabat | 28°C
Sport 18.07.2026, 16:02 38

Şu gün futbol boýunça dünýä çempionatynda Angliýa bilen Fransiýa üçünji orun üçin oýnarlar

Şu gün futbol boýunça dünýä çempionatynda Angliýa bilen Fransiýa üçünji orun üçin oýnarlar

19-njy iýula geçilýän gije Fransiýanyň we Angliýanyň milli ýygyndylary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň üçünji orun ugrundaky duşuşygynda güýç synanyşarlar. Oýun ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen sagat 02:00-da başlanar. «Bürünç finala» wenesuelaly emin Hesus Walensuela eminlik eder.

Ýarym final duşuşygynda Fransiýanyň ýygyndysy Ispaniýadan 0:2 hasabynda ýeňildi. Mundan öň Didýe Deşamyň topary pleý-off tapgyrynda ynamly oýun görkezdi: 1/16 finalda Şwesiýany uly hasap bilen ýeňdi (3:0), 1/8 finalda Paragwaýdan üstün çykdy (1:0) we çärýek finalda Marokkony ýeňdi (2:0). Ispaniýa bilen geçirilen duşuşyga çenli fransuzlar ýaryşda ýeňiş gazanmaga esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýardy.

Angliýanyň ýygyndysy çekeleşikli geçen ýarym final duşuşygynda Argentinadan 1:2 hasabynda ýeňildi. Ilkinji goly 55-nji minutda Angliýanyň hüjümçisi Entoni Gordon geçirdi, emma soňra topar topy garşydaşyna berdi: 85-nji minutda ýarymgoragçy Enso Fernandes hasaby deňledi, 90+2-nji minutda bolsa hüjümçi Lautaro Martines Argentina ýeňiş getirdi.

Mundan öň «üç ýolbarslar» 1/16 finalda Kongo Demokratik Respublikasyny (2:1), 1/8 finalda Meksikany (3:2) we çärýek finalda Norwegiýany (2:1) ýeňdiler.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!