Ispaniýanyň milli ýygyndy topary Fransiýany ýeňip, dünýä çempionatynyň finalyna çykdy
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Fransiýanyň we Ispaniýanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky ýarym final duşuşygy tamamlandy. Ispaniýanyň milli ýygyndy topary 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.
Duşuşygyň 22-nji minutynda Mikel Oýarsabal 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, Ispaniýanyň milli ýygyndy toparyny öňe çykardy. 29-njy minutda «üç reňklileriň» düzümindäki Wilýam Saliba şikes sebäpli çalşyryldy, onuň ýerine meýdança Maksans Lakrua çykdy.
58-nji minutda Pedro Porro ispaniýalylaryň ikinji goluny geçirdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!