| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 24.07.2026, 22:15 36

1-nji awgustdan Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlar

1-nji awgustdan Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlar

Türkmenistanyň Prezidenti ilatyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenmegiň we täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutany mekdep harytlarynyň söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap guramak baradaky teklibi goldady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Bu barada 24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde aýdyldy.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!