Nikaragua Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy
Nikaragua Respublikasynyň Hökümeti Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň garamagynda döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmak barada karar kabul etdi.
Nikaraguanyň goşulmagy bilen bu birleşigiň düzümindäki döwletleriň sany 30-a ýetdi.
Nikaraguanyň bu topara goşulmagy parahatçylyk medeniýetini we bitaraplyk institutyny ilerletmek baradaky Türkmenistanyň başlangyçlaryna halkara jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasynyň artýandygyny ýene bir gezek subut edýär.
Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň internet saýty habar berdi.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!