| Ashgabat | 28°C
Jemgyýet 21.07.2026, 19:01 39

Döredijilik ykdysadyýetiniň günleri geçiriler

Döredijilik ykdysadyýetiniň günleri geçiriler

Şu ýylyň 28-30-njy oktýabry aralygynda «Moda arkalaşygy» halkara forumynyň dowamy boljak Döredijilik ykdysadyýetiň günleri geçiriler.

Bu çäre pudagyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin GDA-nyň biznes wekillerini, döwlet edaralaryny, bilim edaralaryny, ösüş institutlaryny hem-de hünärmenler bileleşigini bir ýere jemlär.

Taslamanyň çäginde ýörite baýrak döredilip, oňa eşik, aýakgap we aksessuarlary döredýän hem-de döredijilik ugruny ösdürýän dizaýnerler, önümçilik ýolbaşçylary, şeýle-de degişli ugurdaky okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary dalaş edip biler.

Bäsleşigiň saýlama tapgyry 2026-njy ýylyň 20-nji iýulyndan 5-nji oktýabra çenli dowam eder. Arzalary 30-njy sentýabryna çenli «Moda arkalaşygy» taslamasynyň resmi saýtynda tabşyryp bolýar.

Paýlaşmak:
Teswirler (0)

Heniz teswir ýok. Birinji boluň!