Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlary zähmet üstünligi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gallaçylaryna we oba hojalyk toplumynyň ähli zähmetkeşlerine gutlag hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany zähmetsöýer gallaçylary uly zähmet üstünligi — şertnamalaýyn borçnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylynyň tabşyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Gallaçy daýhanlaryň şu gezekki zähmet üstünligi aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi ol Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gazanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti gallaçy daýhanlaryň diňe bir şu ýylky hasyl ýygnamak möwsümini ýitgisiz tamamlaman, eýsem geljek möwsümiň bol hasyly üçin hem berk binýady öz wagtynda goýjakdyklaryna berk ynam bildirdi hem-de oba hojalyk pudagynyň ähli işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygy we täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!