Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň gahrymanlaryny hatyralady
Gruziýada döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Tbiliside ýerleşýän Gahrymanlar meýdançasyna gül goýdy.
Döwlet Baştutanymyz Gruziýanyň azatlygy we jebisligi ugrunda pida bolan gahrymanlaryň atlary ýazylan ýadygärlige gül dessesini goýup, Watan üçin göreşijileri hatyralady.
Gahrymanlar meýdançasynyň merkezinde ýerleşýän Gahrymanlar ýadygärliginiň beýikligi 51 metr bolup, ol dürli ýyllarda Watanyň azatlygy ugrunda baş goýanlaryň 4 müňden gowragynyň ady ýazylan 16 sany mermer plitasyndan ybaratdyr.
2010-njy ýylyň maýynda bolsa meýdançanyň çäginde Gruziýanyň garaşsyzlygy, döwlet bitewüligi ugrunda pida bolanlaryň hatyrasyna ýörite ýadygärlik açyldy.
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!