Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy bäsleşik yglan etdi
Ýaponiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy «JEC Fund» gaznasy tarapyndan yglan edilen täze grantlaryň bäsleşigine badalga berlendigini habar berdi.
Bäsleşige arzalar şu ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda kabul ediler.
Maksatnamanyň 2027-nji maliýe ýyly üçin umumy býujeti takmynan 135 million ýen möçberinde bolup, bir taslama üçin berilýän grantyň iň ýokary möçberi 5 million ýene deňdir.
Grant bäsleşigine milli hökümetler, ýerli häkimiýet edaralary we jemgyýetiň bähbidine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýän guramalar gatnaşyp bilerler.
Halkara medeni hyzmatdaşlyk, bilim başlangyçlary, ylmy taslamalar ýaly ugurlar boýunça taslamalara goldaw berilýär.
Has giňişleýin görnüşdäki maglumatlary aşakdaky internet salgy arkaly alyp bilersiňiz!
Paýlaşmak:
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!