Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy gorag gullugynyň zenan işgäri wezipesine boş iş ornuny yglan etdi
Germaniýanyň Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy şu ýylyň awgust aýynyň başyndan işe başlamak şerti bilen gorag gullugynyň zenan işgäri wezipesine boş iş ornuny açýar.
Dalaşgäriň wezipelerine diplomatik wekilhananyň girişinde gelýänleri barlamak we giriş-çykyş düzgünini amala aşyrmak; ýörite gorag enjamlary bilen işlemek; nobatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, şol sanda gelýän hat-habarlary kabul etmek, barlamak we hasaba almak girýär.
Dalaşgärlere iňlis ýa-da nemes dillerini A2-den pes bolmadyk derejede bilmek, berk fiziki saglygy, ýokary stres durnuklylygy we ozalky iş ýerlerindäki abraýy, ygtybarlylyk, gizlinligi berk saklamak, sypaýylyk hem tutanýerlilik, tertipli daşky görnüş, gorag ýa-da howpsuzlyk pudagynda iş tejribesiniň bolmagy talap edilýär Iş tertibi doly ýagdaýda hepdede 40 sagat, duşenbe — anna günleri aralygynda bolar.
Dalaşgäre ilçihananyň düzüm tertibine laýyklykda, her aýda berilýän zähmet haky beriler.
Görkezilen talaplara laýyk gelýän dalaşgärler resminamalar toplumyny şu ýylyň 24-nji iýulyna çenli ugratmalydyrlar.
Gerekli resminamalar: suratly gysgaça terjimehal (pasport ölçegindäki surat bilen); motoperasiýa haty (gyzyklanma beýany — nemes ýa-da iňlis dilinde düzülen); bilimi baradaky ýa-da hünär ýokarlandyryş kurslaryny geçendigi hakyndaky resminamalar; öňki iş ýerlerinden häsiýetnamalar we maslahat hatlary (bar bolsa).
Resminamalaryň doly toplumy diňe elektron görnüşde (PDF formatynda, göwrümi 8 MB-dan uly bolmadyk) info@aschgabat.diplo.de elektron poçta adresinde kabul edilýär.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!