Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary A.S. Alişahbana bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Maşalow Taýland Patyşalygyna gulluk iş saparynyň çäklerinde Bangkok şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar durnukly ösüş, ykdysady hyzmatdaşlyk, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de çölleşmä garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Çölleşmä garşy göreş boýunça Sebitleýin merkezi döretmek başlangyjy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Heniz teswir ýok. Birinji boluň!